Milli oýun
By Tirkiş Jumageldi
Language: Turkmen
Novel ⋅ Gün Neşirýaty 2009 ⋅ 303 pages
ISBN 978-91-976305-4-2
Tirkiş Jumageldi türkmen ýazyjysy, Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň agzasy, ýigrimiden gowrak kitabyň awtory. Eserlerini türkmen dilinde ýazýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, ”Janserek”, ”Daşrabat”, ”Gara ýyldyrym”, ”Ýanan gelinler” ýaly belli kitaplaryň awtory, ussat prozaçy Tirkiş Jumageldiniň bu romany türkmen edebiýatynda soňky ýyllardaky çyn edebi täzelikdir.
Romanyň gahrymanlary Zynat, Päkize, Garyp we beýlekiler rehimsiz diktatura şertlerinde ýaşaýarlar. Olaryň durmuş tejribesi dürli, ýöne maksatlarynda meňzeşlik bar. Hut şonuň üçinem olaryň arasynda gazaply çaknyşyklar, barlyşyksyz göreş ýaýbaňlanýar.
Totalitar jemgyýetiň garaňky taraplaryny paş edijilik güýji bilen bu edebi-çeper eser dokumentallyga dalaş edýär.