Tirkish Jumageldi_ÝITEN ÝURT

Ýiten ýurt

By Tirkiş Jumageldi
Language: Turkmen
Publisistik eserler ⋅ Gün Neşirýaty 2014 ⋅  348 pages 
 ISBN 978-91-980352-6-1

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, ussat türkmen ýazyjysy Tirkiş Jumageldiniň bu kitabyna onuň XXI asyryň başlarynda ýazan iki eseri girizildi.

Ýiten ýurt baradaky roman-ýatlama haýsydyr bir ýiten ýurt hakynda däl-de, geçmişde galan gymmatlyklar, gaýyp bolan tutuş bir döwür barada. Ol gymmatlyklar türkmen jemgyýetiniň şu gününe öz täsirini ýetirmegini dowam edýärler. Eýse, olaryň biziň geljegimize-de täsiri bolarmy ýa-da olar ýiter gidermi? Geçmişde galan döwrüň diri şaýadynyň akyl eleginde elenen ýazgylary okap, bu barada okyjylaryň özleri netije çykarmaly. Belki, ol gymmatlyklaryň geljekki ykbaly biziň özümize baglydyr? Bu kitapda awtoryň taryh ylymlarynyň doktory Kakajan Muhammetberdiýewiň dilinden ýazyp alan ýatlamalary-da bar. Onda Türkmenistan döwletiniň düýbüni tutan, türkmeniň beýik ogly Gaýgysyz Atabaýew barada öň giň okyjylar köpçüligine belli bolmadyk faktlar, wakalar beýan edilýär.

Tirkiş Jumageldiniň soňky ýyllarda Gün Neşirýatynda çykan ”Milli oýun” we ”Gorky belasy” kitaplaryny türkmen okyjylary uly gyzyklanma bilen garşyladylar.

Shopping Cart